Çawuşogly: “Siriýada esgerlerimiziň howpsyzlygy üçin näme gerek bolsa ederis” diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Siriýada türk esgerleriniň howpsyzlygy üçin näme gerek bolsa etjekdiklerini aýan etdi

1255437
Çawuşogly: “Siriýada esgerlerimiziň howpsyzlygy üçin näme gerek bolsa ederis” diýdi

Mewlüt Çawuşogly, Salwadoryň Daşary işler ministri Aleksandra Hill bilen paýtagt Ankarada metbugat ýygnagyny geçirdi.

Ministr Çawuşogly ol ýerde eden çykyşynda, düýn Siriýada Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ulag kerwenine guralan we asuda ilatdan 3 adamyň ýogalmagy, 12 adamyň bolsa ýaralanmagy bilen netijelenen hüjüm  bilen baglanşykly beýanat berdi.

Rus resmiler bilen aragatnaşyga geçendiklerini aýdan Çawuşogly: “9-njy gözegçilik nokadyny bir ýere göçürmek ýaly bir niýetimiz ýok, harbylarymyz gerek bolan çäreleri görýär” diýip belledi.  

Başar Asada tabynlykdaky güýçlere ot bilen oýnamazlyk barada duýduryş beren Çawuşogly: “Siriýada esgerlerimiziň howpsyzlygy üçin näme gerek bolsa ederis. Emma işiň şol nokadyna gelmegini islemeýäris. Iň gysga wagtda syýasy etaba gönükmegimiz gerek. Sentýabr aýynda üçtaraplaýyn maslahatymyz bolar” diýip nygtady.

ABŞ bilen Siriýada dörediljek parahatçylyk koridory üçin operasiýa merkeziniň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: “ABŞ-den resmiler gelmäge başladylar, işlerimiz dowam edýär. Ähli meseleler boýunça ylalaşdyk diýip bolmaz. Tapawutly garaýyşlarymyz bolan meseleler boýunça elbetde gepleşiklerimizi dowam etdireris. Bolmasa ol ýere girmek babatynda biziň öz meýilnamamyz bar. Hormatly Prezidentimizi buýrugy anykdyr” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar