Türkiýe Bütindünýä Robotik bäsleşiginde üçünji orny eýeledi

Halkara Robot sportlary federasiýasy bileleşigi tarapyndan 24-nji gezek geçirilen Bütindünýä Robotik bäsleşiginde Türkiýe baýrakly orna mynasyp boldy

1253732
Türkiýe Bütindünýä Robotik bäsleşiginde üçünji orny eýeledi
turkiye dunya robotik yarismasi1.jpg

Günorta Koreýanyň Çangwon şäherinde geçirilen Bütindünýä Robotik bäsleşiginde Türkiýä Stambuldan Güngören İTO Gyzlar Anadoly Ymam-hatip liseýiniň Tehnologiýa topary wekilçilik etdi.

Topar FIRA Halkara Robot Olimpiadalarynda “Mümkin bolmadyk wezipe” kategoriýasynda dünýä üçünjisi boldy.

Dürli ýurtlardan toparlaryň bilelikde emele getiren komandalary mümkin bolmadyk wezipelere degişli bolan dizaýn, maksatnama we çözgüt ugurlarynda biri-birleri bilen bäsleşdiler. Mümkin bolmadyk wezipäni iň gysga möhletde, iň amatly görnüşde berjaý eden komandalaryň arasynda türk okuwçylary üçünji orna mynasyp boldy.

 

 



Degişli Habarlar