Mewlüt Çawuşogly Howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ bilen Siriýanyň demirgazygynda döredilmegi meýilleşdirilýän Howpsyz zolak bilen bagly ylalaşykda gözden geçirilmeli bolan birnäçe meseläniň bardygyny habar berdi

1252971
Mewlüt Çawuşogly Howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Mewlüt Çawuşogly, Daşary işler ministrliginde Sýerra Leoneniň Halkara hyzmatdaşlyk ministri Nabeela Tunis bilen geçiren duşuşygyndan soň beren beýanatynda, Siriýada döredilmegi meýilleşdirilen Howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi.

Çawuşogly: “Entek gözden geçirilmeli bolan ençeme mesele bar. Uçarmansyz howa ulaglarymyz sebitde uçmaga başlady. Bu ýerde esasy maksat howpsyz zolagyň emele getirilmegi. Maksat ÝPG-nyň we PKK-nyň ol ýerden çykarylmagy” diýip belledi.

Daşary işler ministri Çawuşogly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň howpsyz zolak üçin 20 mil söz berendigini ýatladyp: “ÝPG-nyň ol ýerden çykarylmagy gerek” diýip belledi.

ABŞ-nyň güýmemek taktikasyna boýun bolmajakdyklaryny aýdan Çawuşogly: “Manbijde şolar ýaly güýmemek taktikasyna ýüz tutdylar. ABŞ-nyň güýmemek etabynyň Türkiýe tarapyndan kabul edilmejekdigine göz ýetirmegi gerek” diýip aýan etdi.

Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG-e ýarag kömegini bermegini dowam etdirýändigini habar berdi.

F-35-ler bilen baglanşykly hem beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň F-35 programasyndan resmi ýagdaýda çykarylmandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar