Prezident Erdogan Britaniýanyň täze Premýer ministri Jonsony gutlady

"Täze döwürde Türkiýe bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyna ynanýaryn”

1241016
Prezident  Erdogan Britaniýanyň täze Premýer ministri Jonsony gutlady

Prezident R. T. Erdogan Twitter arkaly Britaniýanyň täze Premýer ministri Boris Jonsony gutlady we wezipesinde rowaçlyk arzuw etdi.

Erdogan “Beýik Britaniýanyň 77-nji Premýer ministri bolan Boris Jonsony gutlaýaryn we täze wezipesinde rowaçlyk arzuw edýärin. Täze döwürde Türkiýe bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanjakdygyna ynanýaryn” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar