ÝB-niň Gündogar Ortaýer deňzindäki gözleg işleri sebäpli Türkiýä sanksiýa goýýan karary ýazgaryldy
TBMM ÝB-niň Gündogar Ortaýer deňzindäki burawlaýyş işleri sebäpli Türkiýä sanksiýa goýýan kararyny ýazgardy
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi, ÝB-niň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde geçirýän nebit gözleg işleri sebäpli Türkiýä sanksiýa goýýan kararyna reaksiýa bildirdi
Mejlisde wekilçilik edýän syýasy partiýalaryň bilelikdäki jarnamasynda “Kipr türküniň we Türkiýe Respublikasynyň hak-hukuklaryna we bähbitlerine äsgermezçilik edilmegini ýazgarýarys” diýildi.
Adalat we ösüş partiýasy, Respublikan halk partiýasy, Milletçi hereket partiýasy we IÝI partiýa tarapyndan çap edilen bilelikdäki jarnamada, Türkiýäniň we DKTR-nyň Gündogar Ortaýer deňzinde geçirýän nebit gözleg işleriniň kanunlara bap gelýändigi nygtaldy.
Jarnamada Türkiýäniň we DKTR-nyň basyşlara bogun egmejekdigi we halkara hukugyna laýyk gelýän legal hukuklaryny goramakda egilşik etmejekdigi bellenildi.
Jarnamada şeýle hem Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzindäki işlerine goldaw berilýändigi nygtaldy
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Ankarada saparda boldy