Yrak Erbil şäherinde türk diplomatyň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy

“Hyýanatçylyky hüjüm Bagdat bilen Ankaranyň arasynda taryhy we strategik gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirmez”

1238145
Yrak Erbil şäherinde türk diplomatyň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy

Yrak Erbil şäherinde türk diplomatyň şehit bolmagyna sebäp bolan hüjümi ýazgardy

Yragyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda “Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygynda işleýän diplomatyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjümi berk ýazgarýarys” diýildi.

Beýanatda, Daşary işler ministrliginiň hüjümiň jogapkärleriniň tapylmagy üçin howpsyzlyk güýçleriniň alyp barýan deňew işi bilen ýakyndan gyzyklanylýandygy ýatlatyldy

Beýanata “Hyýanatçylyky hüjüm Bagdat bilen Ankaranyň arasynda taryhy we strategik gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirmez” diýildi.

Yragyň Erbil şäherinde naharhana guralan ýaragly hüjümde, Türkiýäniň Erbil şäherindäki Baş konsullygynyň işgäri bir diplomat şehit bolupdy.

Hüjümde Yragyň raýaty bolan 2 adam hem ýogalypdy.



Degişli Habarlar