"S-400-leriň bilelikde öndürilmegi meselesinde hiç hili kynçylyk ýok"

Erdogan, Bosniýa-Gersegowinadan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1233345
"S-400-leriň bilelikde öndürilmegi meselesinde hiç hili kynçylyk ýok"

Prezident R. T. Erdogan, Bosniýa-Gersegowinadan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Erdogan S-400 howa goranyş ulgamynda tehnalogiýa transferi meselesinde Russiýa bilen kynçylygyň başdan geçirilýändigi hakyndaky garaýyşlara jogap berdi.

Prezident Erdogan, howa goranyş ulgamy S-400-leriň bilelikde öndürilmegi meselesinde Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda hiç hili kynçylyk ýok. Bu meselede Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ylalaşdyk” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňzinde başdan geçirilýän wakalar we türk gämileri tarapyndan geçirilýän burawlaýyş işleri barada hem durup geçen Prezident Erdogan, DKTR-nyň hak-hukuklaryndan ýüz öwürmejekdiklerini belledi.

Prezident Erdogan “Biz Gündogar Ortaýer deňzinde esasan DKTR-daky doganlarymyzyň hak-hukuklaryny goramak üçin iş alyp barýarys. Kiprde ýaşaýan ynsanpar deň hukukly we biz Kiprli türkleriň şol hukuklaryny goramak üçin tagalla edýaris” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar