PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

PKK tarapyndan ýarag ammary, gowak we gaçybatalga hökmünde ulanylýan ýerler nyşana alyndy we hatardan çykaryldy

1231831
PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Gara etraplarynda guralan howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Penje operasiýasy bilen utgaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Gara etraplaryna howa hüjümleri guraldy.

Howa hüjümlerinde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ýarag ammary, gowak we gaçybatalga hökmünde ulanylýan ýerler nyşana alyndy we hatardan çykaryldy

Howa hüjümlerinde 4 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Düýn Şyrnak welaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirlen 2 terrorçydan biriniň, çal sanawda gözlenýän terrorçynyň M. Şirin. Arslandygy anyklanyldy

 

 



Degişli Habarlar