Yragyň demirgazygynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Penje operasiýasy bilen utgaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrabyna howa hüjümi guraldy

1231339
Yragyň demirgazygynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

 

Penje operasiýasy bilen utgaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrabyna guralan howa hüjüminde azyndan 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren beýanatyna görä, Penje operasiýasy bilen utgaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrabyna howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan ýarag ammary, gowak we gaçybatalga hökmünde ulanylýan ýerler nyşana alyndy we hatardan çykaryldy

Howa hüjüminde azyndan 2 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar