Erdogan şu gün Ýaponiýa gider

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, G20 Liderler maslahatyna gatnaşmak üçin şu gün Ýaponiýa gider.

1225675
Erdogan şu gün Ýaponiýa gider

G20 Liderler maslahaty 28-29-njy iýun aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler. 

Maslahatda S-400 howa we raketa gotanyş ulgamlarynyň gün tertibe gelmegine garaşylýar. 

Ulgamlaryň gowşurylmadan ozal Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin ikiçäk duşuşyk geçirjek Erdogan, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen hem duşuşar. 

Siriýa başda bolmak bilen sebitleýin meseleler giňişleýin ele alynar. 

Erdogan, S-400-leriň alynmagyna garşy bolan Tramp bilen meselä sebäp bolan ugurlaryň üstünde durup geçer. 

Prezident Erdogan maslahatdan soň ýurdyň paýtagty Tokioda duşuşyklar geçirer. 

 


Etiketkalar: #Ýaponiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar