“PKK döwleti meselesini dolulygyna ortadan aýyrdyk”

Kalyn Prezdent R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Prezdentiň kompleksinde geçirlen ministrler kabinetiniň mejlisi barada beýanat berdi

1218297
“PKK döwleti meselesini dolulygyna ortadan aýyrdyk”

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Türkiýe-Siriýa serhedinde gurulmak islenen “PKK döwleti meselesini dolulygyna ortadan aýyrdyk” diýdi.

Kalyn Prezdent R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Prezdentiň kompleksinde geçirlen ministrler kabinetiniň mejlisi barada beýanat berdi.

Siriýada başdan geçirilýän wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdan Kalyn, Idlibde, Tel Rifatda we Ýefrat derýasynyň gündogarynda başdan geçirilýän wakalaryň bize zeper ýetirmezligi üçin şu günki güne çenli uly tagalla etdik we tagalla etmäge dowam ederis. Jenap Prezidentimiziň tutanýerli tutumy netijesinde bilşiňiz ýaly günortamyzda Türkiýe-Siriýa serhedinde gurulmak islenen PKK döwleti meselesini indi dolulygyna ortadan aýyrdyk” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňzinde başdan geçirilýän wakalar hakynda hem durup geçen Kalyn “Kipriň grek böleginiň Kiprli türkleriň hem-de Türkiýäniň  halkara şertnamalaryna laýyk gelýän we goegrafik ýerleşişi sebäpli berlen hukuklaryna äsgermezçilik etmegine rugsat bermeris. Şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Türkiýäniň we Kipr türkleriniň hukuklaryny goramaga dowam ederis” diýip belledi



Degişli Habarlar