Moldowanyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek kararyna alada bildirdi
Türkiýe Moldowanyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararyna alada bildirdi
Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, “Moldowanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürjekdigi hakyndaky habarlara alada bildirýäris. Palestina meselesiniň adalatly we ygyziderli ýagdaýda çözülmegi taýdan uly rol onaýan Iýerusalimiň statusy meselesiniň içerki syýasy serişde hökmünde ulanylmagy dogry däl” diýildi.
Beýanatda halkara jemgyýetçiliginiň ähli agzalaryna, Iýerusalym hakynda kabul edilen BMG-nyň kararlaryna laýyklykda hereket edilmegi, Iýerusalimiň taryhy we hukuky statusyna sarpa goýulmagy we sebitiň durnuklylygyna wehim salyp biljek kararlardan gaça durulmagy barada çagyryş berildi
Moldowanyň Premýer ministri Pawel Filip, sişenbe güni ýurdunyň Ysraýylyň Tel Awiw şäherindäki ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek barada karar edendigini mälim edipdi.
Palestinanyň Daşary işler ministrligi ady agzalýan karary ýazgardy
Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy hem Moldowanyň Ysraýyldaky ilçihanasyny Iýerusalime göçürmek baradaky kararyny ýazgardy we kararyndan ýüz öwürmegi üçin çagyryş berdi.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar