Erdogan: "Kiprli doganlarymyzyň hukuklaryny gorarys"

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan: "Kiprli doganlarymyzyň hukuklaryny gorarys" diýdi

1214752
Erdogan: "Kiprli doganlarymyzyň hukuklaryny gorarys"

Erdogan žurnalistlere Ortaýer deňiziniň gündogarynda Kipriň grek bölegi tarapyndan dartgynlaşdyrylan tebigy gaz meselesi barada beýanat berdi. 

Sebitiň ähli baýlyklaryny ulanmak boýunça Günorta Kipriň nähili derejde hukugy bar bolsa, halkara hukuga görä Demirgazyk Kiprdäki türk kowumdaşlarymyzyň hem şol derejede hukugynyň bardygyny aýdan Erdogan: "Hiç kim gaty görmesin, bu hukuklaryny biz bilen hiç hili arabaglanşygy bolmaýanlara hem ellerinden aldyrmarys. Biz häzirki wagtda aýratyn ykdysady zolaklarda, esasan hem Demirgazyk Kiprli doganlarymyň, türk kowumdaşlarymyň hukuklaryny soňuna çenli goramakda tutanýerlidiris. Şol sebäpli birnäçe wagt ozal alan buraw gämilerimizi, derňew nokadyndaky gämilerimizi ol ýerlere iberýäris" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #Kipr , #gämi

Degişli Habarlar