Türkiýe: “S-400-iň alynmagynyň yza süýşürilendigi baradaky habarlar nädogry”

Bu barada Hami Aksoý beýannama berdi

1212089
Türkiýe: “S-400-iň alynmagynyň yza süýşürilendigi baradaky habarlar nädogry”

Daşary işler ministrliginiň Metbugat Sekretary Hami Aksoý Türkiýäniň Russiýadan alynjak S-400 howa goranyş ulgamynyň alynyşynyn yza süýşürilendigi baradaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.

Hami Aksoý Türkiýäniň S-400-iň alynmagynyň yza süýşürilmegini seljerip-seljermeýändigi barada käbir habar serişdelerinde berilen habarlar baradaky soraga jogap berd.

Aksoý: “Soňky günlerde käbir habar beriş serişdelerinde Türkiýäniň ABŞ-nyň islegine laýyklykda S-400 goranyş ulgamynyň alynmagyny yza süýşürmegi ara alyp maslahatlaşýandygy barada çap edilen habarlar hakykaty beýan etmeýär. Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamynyň alynmagy baradaky ylalaşyk bellenen tertipde dowam edýär” diýdi.



Degişli Habarlar