Türk wekiliýeti Waşingtonda Kongresiň agzalary bilen duşuşdy

Daşary işler ministriniň orunbasary Ýawuz Selim Kyran Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary boýunça ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde Kongresiň agzalary bilen duşuşdy

1205742
Türk wekiliýeti Waşingtonda Kongresiň agzalary bilen duşuşdy

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasy tarapyndan ABŞ-nyň Kongresinde geçirilen “Türk-Amerikan Gatnaşyklary: Umumy Geçmiş, Täze Garaýyş” atly maslahata gatnaşmak üçin Waşingtonda bolýan ministriň orunbasary Kyran we türk wekiliýeti Demirgazyk Karolaýna ştatynyň senatory respublikaçy Tom Tillis, Floridanyň senatory respublikaçy Frankis Runeý, Missipi ştatynyň senatory Trent Kelli we Tennessiniň senatpry Tim Burkett bilen özara duşuşyklar geçirdi.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä gepleşiklerde özara gatnaşyklaryň ýany bilen Türkiýäniň Russiýadan S-400 raketa goranyş ulgamyny almagy, Siriýada howpsyz zolagyň gurulmagy, terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk we beýleki sebitleýin meseleler seljerildi.

Şeýle-de duşuşykda Fetullahçy terror guramasynyň ýolbaşçysy Fetullah Gülen we yzyna berilmegi islenýän FETÖ agzalary bilen bagly işler bilen Türkiýäniň bu meseleden garaşýan netijeleri barada pikir alyşylandygy habar berildi.

Saparyny dowam etdirjek wekiliýet Kongresiň agzalary bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen hem duşuşar.



Degişli Habarlar