Yragyň Premýer ministri Ankarada saparda boldy

Erdogan bilen Abdulmehdi  özara we toparara gepleşiklerden soň bilelikde metbugata beýanat berdi

1202140
Yragyň Premýer ministri Ankarada saparda boldy

 

Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen düýn Ankara gelen Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdini kabul etdi.

Erdogan bilen Abdulmehdi  özara we toparara gepleşiklerden soň bilelikde metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan beýanatynda “Yragyň ýaňadandan dikeldilmegi meselesi, terror guramasy DAIŞ tarapyndan hatardan çykarlan Kerkuk-Jeýlan nebit turba geçirijisinin gysga wagtda ulanylmaga berilmeginiň ähmiýeti barada pikir alyşdyk” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýe bilen Yragyň arasynda harby hyzmatdaşlyk we ynam şertnamasynyň baglaşylmagyna karar berendiklerini belledi.

Yragyň Premýer ministri Adil Abdulmehdi hem “Biziň territoriýamyzdan Türkiýä garşy haýsydyr bir howpuň abanmagyna rugsat bermeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar