Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasy agzaçar berdi

"Amerikaly musulmanlar bilen türk jemgyýetiniň arasyndaky gatnaşyklar gün saýyn güýçlenýär"

1202300
Türkiýäniň ABŞ-daky ilçihanasy agzaçar berdi

 

Türkiýäniň ABŞ-da ilçihanasy, Amerikaly musulman jemagatlaryň liderleri bilen ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda käbir ýurtlaryň diplomatik wekillerine Amerikanyň Din işleri merkezinde agzaçar berdi.

Türkiýäniň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdar Kylyç, agzaçarda sözlän sözünde Amerikaly musulmanlar bilen türk jemgyýetiniň arasyndaky gatnaşyklaryň gün saýyn güýçlenýändigine ünsi çekdi we şuňa meňzeş guramaçylyklaryň hem uly ähmiýete eýedigini belledi.

Täze Zelandiýadaky soňky hüjümlere ünsi çeken Kylyç, Yslamofibik çykyşlaryň dünýä ýurtlaryna zeper ýetirýändigini belledi we şol çykyşlara garşy ünsli çemeleşilmelidigini nygtady.

Agzaçarda edilen çykyşlarda ABŞ-da ýaşaýan musulmanlaryň arasyndaky arkalaşygyň artdyrylmagy we türk jemgyýeti bilen ýakynlaşmagy üçin durmuşa geçiriljek işler hem seljerildi.

 



Degişli Habarlar