Mejlise garşy guralmagy meýilleşdirlen terrorçylykly hüjümiň öňü alyndy

TBMM-de myhmanlaryň kabul edilýän zalyna giren iki adam, ol ýerdäki howpsyzlyk güýçlerini zamun almaga synanşdy

1201470
Mejlise garşy guralmagy meýilleşdirlen terrorçylykly hüjümiň öňü alyndy

 

TBMM-de myhmanlaryň kabul edilýän zalyna giren iki adam, ol ýerdäki howpsyzlyk güýçlerini zamun almaga synanşdy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine garşy guralmagy meýilleşdirlen terrorçylykly hüjümiň öňü alyndy.

TBMM-de myhmanlaryň kabul edilýän zalyna giren iki adam, ol ýerdäki howpsyzlyk güýçlerini zamun almaga synanşdy

Waka berk çäre gören howpsyzlyk güýçleri terror guramasy DHKP-J bilen arabaglanşykly bolan iki adam saklamagy başardy.

Howpsyzlyk güýçleri saklanan iki adamyň ýanynda bomba bar ýaly edilip bezelen gutulary ele geçirdi.

Saklananlaryň ozal terrorçylykly hüjüm gurandyklary sebäpli gözlenýändigi anyklanyldy

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, terrorçylykly aksiýanyň gönüden halkyň ygtyýaryny nyşana alan hüjüm synanşygydygyny beýan etdi

Altun Twitter arkaly DHKP-J-li terrorçylar tarapyndan TBMM-de hüjüm guralamaga synanşylan terrorçylykly aksiýa barada beýanat berdi.

Fahrettin Altun “DHKP-J-li 2 terrorçynyň TBMM-de guramaga synanşan terrorçylykly aksiýasy göniden milletiň ygtyýaryny nyşana alan hüjüm synanşygydyr” diýdi.


Etiketkalar: #synanşmak , #TBMM , #terrorçy

Degişli Habarlar