Ýokary saýaw geňeşi Stambulda ýerli saýlawyň gaýtadan geçirilmegi barada karar kabul etdi

Karara görä saýlawçylar Stambulda 23-nji iýun, ýekşenbe güni ýaňadandan ses bererler

1196342
Ýokary saýaw geňeşi Stambulda ýerli saýlawyň gaýtadan geçirilmegi barada karar kabul etdi

Adalat we ösüş partiýasy bilen Milletçi hereket partiýasy 31-nji martda geçirilen ýerli saýlawyň netijelerine dürli galplyklaryň edilendigi sebäpli “bes edilmegini we gaýtadan geçirilmegini” talap edip, Ýokary saýlaw geňeşine ýüz tutupdy.

Ýüztutmalary seljerek Geňeş, 7 ses bilen Stambulda saýlawyň bes edilmegi we gaýtadan geçirilmegi barada karar kabul etdi.

Häzirki şäher häkimi, Respublikan halk partiýasy bilen Gowy partiýanyň emele getiren Millet arkalaşygynyň dalaşgäri Ekrem İmamoglynyň mandatynyň bes edilmegi barada-da karar kabul edildi.



Degişli Habarlar