Kalyn Jon Bolton bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Kalyn bilen Bolton özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy

1196277
Kalyn Jon Bolton bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Bolton bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Kalyn bilen Bolton telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar we iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagy üçin durmuşa geçiriljek işleri ara alyp maslahatlaşdy

Kalyn bilen Bolton şeýle hem halkara jemgyýetçiliginiň gün tertibinde esasy orun eýeleýän Liwiýada we Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkiýä gurajak sapary hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar