Türkiýe bilen Wengriýanyň arasynda ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi

Çawuşogly Wengriýa guraýan resmi saparynyň çäginde Milli mejlisiň başlygynyň orunbasary Istwan Žakab bilen duşuşdy

1194655
Türkiýe bilen Wengriýanyň arasynda ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Wengriýa guraýan resmi saparynyň çäginde Milli mejlisiň başlygynyň orunbasary Istwan Žakab bilen duşuşdy.

Diplomatik çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, 30 minut dowam eden duşuşykda, parlamentara gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi we komitetleriň netijeli işlemegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň resmi saparynyň çäginde, Daşary işler ministrliginiň strategik ylmy barlag merkezi bilen Wengriýanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary gatnaşyklar institutiniň arasynda ylalaşyk teswirnamasyna gol çekişildi.

Teswirnama Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Wengriýanyň adyndan bolsa Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Szižiarto gol goýdy.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar