Çawuşogly: “NATO-nyň agzalarynyň arasyndaky arkalaşyk dowam etmeli”

Ankarada Türkiýe-Polşa-Rumyniýa Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahaty geçirildi

1186576
Çawuşogly: “NATO-nyň agzalarynyň arasyndaky arkalaşyk dowam etmeli”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly paýtagt Ankarada Türkiýe-Polşa-Rumyniýa Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatyndan soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Çawuşogly S-400 howa goranyş ulgamy baradaky soraga jogap berýärkä, F-35 we S-400 üçin ABŞ-na hünärmenlerden ybarat bolan bilelikdäki işjeň toparyň döredilmegi barada teklip hödürländiklerini ýatladyp; “Waşingtona guran soňky saparymda-da teklip etdik. “Geliň bilelikde topar döredeliň. NATO hem degişli bolsun we hünärmenlerden ybarat bolsun, şolar aýtsyn” diýdi.

“S-400-iň F-35-iň ulgamyna girip, onuň tehnologiýasyny ele geçiriljekdigi” baradaky garaýyşlara jogap beren Çawuşogly: “Biz şol habarlaryň hakykata laýyk gelýändigine ynanmaýarys. Ýene-de bu meselä hünärmenler seretsin. Biz başyndan bäri S-400 howa goranyş ulgamynyň maksatnamasy bilen bilelikde dolulygyna biziň gözegçiligimizde bolmagy üçin hereket etdik. Häzirki wagtda Siriýada S-400 bar. Siriýanyň howa giňişliginden ABŞ-nyň we Ysraýylyň F-35-leri ençeme gezek uçdy. Şol habar dogry bolsa, onda şol ulgama girildi diýsegem bolar. Şonuň ýaly-da Norwergiýanyň demirgazygynda, Russiýanyň çäklerinde S-400 goranyş ulgamlary bar we Norwegiýanyň F-35-leri şol ýerden, iňňän ýakyndan uçýar. Şeýlelikde S-400 Türkiýede bolsa, F-35-iň ulgamyna girer diýlen garaýyş ýerlikli we dogry däl” diýdi.

NATO-nyň Türkiýäniň teklibine oňyn garaýandygyny beýan eden Çawuşogly, ABŞ-dan henizem oňyn çemeleşme bolmandygyny aýtdy.

Ministr Çawuşogly: “NATO-nyň aladalaryna-da ünsli çemeleşmek gerek. Türkiýäniň ünsli bolmandygyny aýtmak dogry däl. Biz elmydama ünsli. Hyzmatdaşlarymyz we NATO şuňa gowy düşünmeli, bize gyssagly howa goranyş ulgamy gerek” diýdi.

Türkiýe-Polşa-Rumyniýa Daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn maslahatynyň iňňän netijeli geçendigini aýdan Çawuşogly: “NATO-nyň ähli agzalary aralaryndaky arkalaşygy dowam etdirmeli” diýdi.

Terrorçylyga garşy göreşiň ähmiýetine ünsi çeken Çawuşogly, NATO-nyň jebisligini goramalydygyna, Siriýada ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK bilen hyzmatdaşlyk edilmeginiň bolsa hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar