"Türkiýäniň Russiýadan S-400 almagyna bolsa garşy durmaklary kabul edilip bilinmez”

Mustafa Şentop Antalýada geçirlen NATO agza ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasynyň 99-njy seminaryna gatnaşdy

1182148
"Türkiýäniň Russiýadan S-400 almagyna bolsa garşy durmaklary kabul edilip bilinmez”

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop Antalýada geçirlen NATO agza ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasynyň 99-njy seminaryna we Akdeňiz Ýakyn Gündogar toparynyň maslahatynda eden çykyşynda, birnäçe ýyldan bäri Türkiýäniň howa we raketa goranyş ulgamlary meselesinde kabir kynçylyklary başdan geçirendigini emma soňky 10 ýyldan gowrak wagt bäri dürli alternatiwleriň üstünde işleýändigini nygtady.

Mejlisiň başlygy Şentop, Türkiýäniň howa we raketa goranyş ulgamlarynyň satyn alynamgy üçin ABŞ-nyň başda durmagynda hyzmatdaşlary bilen birnäçe gezek gepleşik geçirendigini belledi.

“Emma içgin gepleşiklerimiz hyzmatdaşlarymyzyň syýasy we söwda garaýyşlary sebäpli netijesiz tamamlandy” diýen Şentop “Russiýa bize amatly teklip hödürledi. Bu teklip tehniki ukyplar, ulgamlaryň gowşuryljak wagty we nyrhy taýdan biziň üçin has amatly we netijede biz S-400 ulgamlaryny Russiýadan satyn almak barada karar kabul etdik” diýip belledi.

Mejlisiň başlygy Şentop “NATO agza käbir ýurtlar ozal S-300 ulgamlary satyn aldy we ornaşdyrdy. Emma NATO agza ýurtlar oňa hiç hili reaksiýa görkezmedi. Biziň bu ulgamy satyn almagymyza bolsa uly garşylyk görkezilýär. Biz şol garşylyga düşünip bilmeýäris” diýdi.

Şentop “NATO agza käbir ýurtlaryň Russiýadan S-300 almagyna oňyn garanlaryň, Türkiýäniň Russiýadan S-400 almagyna bolsa garşy durmaklary kabul edilip bilinmez” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar