Çawuşogly we Çelik Ysraýylyň Premýer ministrine nägilelik bildirdiler

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Günbatar Şeria bilen bagly beýanaty sebäpli Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýaha nägilelik bildirdi

1178825
Çawuşogly we Çelik Ysraýylyň Premýer ministrine nägilelik bildirdiler

Sosial media hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly: “Günbatar Şeria halkara hukuga ters ýagdaýda, Ysraýylyň gabawy astynda bolan Palestinanyň ýeridir. Netanýahunyň saýlawdan ozal ýene-de ýeterlik derejede ses alyp bilmezlik aladasy bilen beren jogapkärçiliksiz beýanaty, bu hakykaty hiç bir ýagdaýda üýtgetmez” diýdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat sekretary Ömer Çelik hem Netanýahuny: “Ysraýylyň Premýer ministri ýene-de akylsyz agressiýasyny orta goýdy” sözleri bilen tankyt etdi.

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, 9-njy apreldäki saýlawda üstün çykyp, ýaňadandan Premýer ministrlik wezipesine geçen halatynda, gabaw astyndaky Günbatar Şeriada ýerleşýän jöhit ýaşaýyş ýerlerini Ysraýylyň düzümine almagy meýilleşdirýändigini beýan etdi.

Ysraýylyň 1967-nji ýylda basyp alan Günbatar Şeriada bikanun ýagdaýda gurulan 250-ä golaý jöhit ýaşaýyş ýerleri bolup, ol ýerlerde 400 müňden gowrak jöhit ýaşaýar.

Halkara hukuga görä, gabaw astyndaky ýerlerde ähli jöhit ýaşaýyş ýerler bikanun hökmünde kabul edilýär.



Degişli Habarlar