Prezident Erdogan 8-nji aprelde Russiýa gider

Erdogan Russiýa-Türkiýe Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşar

1178329
Prezident Erdogan 8-nji aprelde Russiýa gider

 

Prezident R. T. Erdogan Russiýa-Türkiýe Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna gatnaşmak üçin 8-nji aprelde Russiýa gider

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident Erdogan bilen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçiriljek Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji maslahatyna degişli ministrler gatnaşar

Maslahatda Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary bilen birlikde Siriýanyň başda durmagynda sebitara we halkara meseleleriň seljerilmegine garaşylýar

Russiýa-Türkiýe Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynyň çäginde Prezident Erdogan bilen rus lideri Putin, Türkiýeli we Russiýaly işewür adamlary bilen duşuşar

Prezident Erdogan resmi saparynyň çäginde paýtagt Moskwadaky dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan Bolşoý teatrda, Ankaranyň döwlet opera we balet teatry tarapyndan sahnalaşdyryljak Troýa operasyna, Türkiýe bilen Russiýa tarapyndan yglan edilen 2019 Medeniýet we syýahatçylyk ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar