Yragyň demirgazygyna howa hüjümi guraldy
Howa hüjüminde terror guramasyna degişli ýerler nyşana alyndy
1174860
Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Awaşin-Basýan we Hakurk etrapçalaryna guralan howa hüjüminde terror guramasyna degişli ýerler nyşana alyndy.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Awaşin-Basýan we Hakurk etrapçalaryna guralan howa hüjüminde, ekstremist terror guramasy tarapyndan gaçybatalga we ýarag ammary hökmünde ulanylýan ýerleriň nyşana alynandygy we nyşanalaryň hatardan çykarlandygy ýatladyldy.
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Moskwa Bardy
Numan Kurtulmuşyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.