Türkiýede ýerli saýlawlar geçirildi

Halk 5 ýyl möhlet bilen iş alyp barjak ýerli häkimiýetleriň ýolbaşçylaryny we agzalaryny saýlamak üçin şu gün ir ertirden başlap ses bermäge başlady

1174033
Türkiýede ýerli saýlawlar geçirildi

Ýokary Saýlaw geňeşiniň kararyna görä, saýlawa Adalat we ösüş partiýasy, Milliýetçi hereket partiýasy, Jumhuriýet halk partiýasy, Garaşsyz Türkiýe partiýasy, Demokrat partiýa, Demokratik çepçi partiýa, Halklaryň demokratik partiýasy, IÝI partiýa, Saadet partiýasy, Watan partiýasy we Türkiýe Komunist partiýasy gatnaşdy.

Raýatlar şu gün şäher häkimi, etrap häkimi, etrap mejlisiň agzalary bilen arçynlary we ýaşulylar wekiliýetini saýlamak üçin ses berdi.

Ses bermek işleri ýurdyň gündogar welaýatlarynda 07:00 bilen 16:00 sagatlary aralygynda, beýleki welaýatlarda bolsa 08:00 bilen 17:00 sagatlary aralygynda geçirildi. 

Şu gün geçirilen ýerli saýlawlarda takmynan 57 million saýlawçy ses berdi. 

Saýlawlaryň netijeleri öňümizdäki sagatlarda aýan edilmegine garaşylýar. 

 


Etiketkalar: #ses bermek , #saýlaw , #partiýa

Degişli Habarlar