Wise-prezident Fuat Oktaý Ruminiýada saparda boldy

Fuat Oktaý paýtagt Buharestde Ruminiýanyň Premýer ministri Wiorika Dansila bilen duşuşdy

1173530
Wise-prezident Fuat Oktaý Ruminiýada saparda boldy

 

Resmi sapar bilen  Ruminiýa giden Wise-prezident Fuat Oktaý paýtagt Buharestde Ruminiýanyň Premýer ministri Wiorika Dansila bilen duşuşdy.

Fuat Oktaý özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beren beýanatynda, saparyň çäginde Ruminiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň seljerlendigini nygtady.

Fuat Oktaý Ruminiýanyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygynyň çäginde Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda öňe gidişligiň edilmegine garaşýandyklaryny belledi.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda hem durup geçen Fuat Oktaý, ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşan Ruminiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabyna berýän goldawlaryndan hem hoşaldyklaryny nygtady.

Fuat Oktaý “Türkiýe bilen Ruminiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň özara bähbide laýyklykda geljekde pajarlap ösjekdigine ynanýaryn” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar