Prezident Erdogan Trampyň Golan depeleri bilen bagly kararyna berk reaksiýa bildirdi

Erdogan, ABŞ-niň Prezidenti Trampyň Golan depeleri bilen bagly kararyna berk reaksiýa bildirip: “Tramp, kimiň ýerini Ysraýyla berýärsiň! BMG-niň kararyna görä ol ýer Siriýanyň territoriýasy” diýip belledi

1171282
Prezident Erdogan Trampyň Golan depeleri bilen bagly kararyna berk reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, ABŞ-niň Prezidenti Trampyň Golan depeleri bilen bagly kararyna berk reaksiýa bildirip: “Tramp, kimiň ýerini Ysraýyla berýärsiň! BMG-niň kararyna görä ol ýer Siriýanyň territoriýasy” diýip belledi.

Erdogan Stambul şäherinde geçirilen programmalaryň birinde, Trampyň Golan depelerini Ysraýylyň territoriýasy hökmünde kabul edýän kararnama gol çekmegini tankyt etdi.

Erdogan: “Tramp, kimiň ýerini Ysraýyla berýärsiň! BMG-niň 1967-nji ýyldaky karary bar. BMG-niň kararyna görä ol ýer Siriýanyň territoriýasy. BMG-niň kararyna garamazdan, sen nädip Golan depelerini Ysraýyla peşgeş berýärsiň. Ýewropa Bileleşigi muny kabul etmeýär, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy hökmünde biz hem kabul etmeýäris, Russiýa kabul etmeýär, Hytaý kabul etmeýär, BMG-niň Howpsyzlyk geňeşinden bular ýaly karary çykarmagyň mümkin däl. Gün güýçlüniňki, gowurga dişliniňki. Bular ýaly zat bolup bilermi? Biz haýsy dünýäde ýaşaýarys?” sözlerini ulandy.



Degişli Habarlar