Türkiýe Malidäki hüjümi ýazgardy

Türkiýe Maliniň Mopti sebitindäki bir oba guralan hüjümi ýazgaryp, ýogalan adamlar üçin bu ýurdyň halkyna gynanç bildirdi

1169594
Türkiýe Malidäki hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Maliniň Mopti sebitindäki Bankass şäherçesiniň golaýyndaky bir oba guralan hüjümde ençeme adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Bu hüjümi ýazgarýarys, doganlyk Maliniň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýogalan adamlara Alladan rehnet we ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris” diýip bellendi.

Etniki çaknyşyklaryň başdan geçirilýän ýurdyň orta sebitindäki Egossagou obasyna ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy, aralarynda hamyla zenanlar we çagalar bolan jemi 134 adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #Mali , #hüjüm , #oba , #Türkiýe

Degişli Habarlar