Stambul ilat sany boýunça dünýäniň 131 ýurdundan öňde

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan habarnama çap edildi

1166541
Stambul ilat sany boýunça dünýäniň 131 ýurdundan öňde

Türkiýäniň iň köp ilatly welaýaty Stambulyň 15 million 67 müň 724 adamlyk ilat sany 131 ýurdyn ilat sanyndan hem köp.

Türkiýäniň Hasabat guramasy bilen BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan taýýarlanan habarnama görä, 2018-nji ýylda 82 million 3 müň 882 adama ýeten Türkiýäniň ilatynyň 18,4 göterimini Stambulyň ilaty emele gelýär.

Aralarynda Belgiýa, Gresiýa, Awstriýa, Şweýsariýa we Bolgariýa ýaly ýurtlar bolan dünýäniň 131 ýurdunyň ilat sany, ilaty 5 ýylda 6,4 göterim artyp, 15 million 67 müň 724 adama ýeten Stambulyň ilatyndan az.


Etiketkalar: #Stambul , #ilat

Degişli Habarlar