Prezident Erdogan Çanakgala ýeňişi we Şehitleri hatyralama güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 18-nji mart Çanakgala ýeňişiniň 104-nji ýyly we Şehitleri hatyralama güni mynasybetli bir ýüzlenme çap etdi

1165109
Prezident Erdogan Çanakgala ýeňişi we Şehitleri hatyralama güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan ýüzlenmesinde: “Çanakgalada şehit bolan adamlaryň agtyk-çowluklary hökmünde özygtyýarlylygymyzdan, geljegimizden we azatlyklarymyzdan hiç bir ýagdaýda dänmeris” diýip belledi.

Erdogan ýüzlenmesinde: “Şu günki günde watanymyzyň üstünde oýnalmak isleýän oýunlara, milletimize garşy hyýanatçylykly meýilnamalara garşy tutanýerlilik bilen garşy çykýarys, zenany-erkegi, ýaşy-ýaşulysy ähli raýatlarymyz bilen egin-egine berip, ýagty geljegiň gurluşy üçin arman-ýadaman işleýäris” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar