Syýasy partiýalar Täze Zelandiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Jarnamada terrora garşy tutanýerli göreşiň alnyp barylmalydygyna we terroryň berk näletlenilmelidigine üns çekildi
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde wekilçilik edýän 5 syýasy partiýa, bilelikdäki jarnamalary bilen Täze Zelandiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.
Jarnamada “Bu hyýanatçylykly hadysa gün saýyn artýan yslama we daşary ýurt duşmançylygyna garşy ýigrenç çykyşlaryny esas alýan rasismiň görkezijisi” diýildi.
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň çagyryşyna laýlyklykda çap edilen bilelikdäki jarnamada günbatarly ýurtlara we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine çagyryş berildi we yslama garşy duýgulary we aksiýalary möwjedip biljek hereketlerden gaça durulmagy islendi.
Jarnamada terrora garşy tutanýerli göreşiň alnyp barylmalydygyna we terroryň berk näletlenilmelidigine üns çekildi
Degişli Habarlar
Numan Kurtulmuş Moskwa Bardy
Numan Kurtulmuşyň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.