PKK-a garşy geçirlen operasiýada bolan çaknyşykda 2 esger şehit boldy

Operasiýalarda biri zenan 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi

1164772
PKK-a garşy geçirlen operasiýada bolan çaknyşykda 2 esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirlen operasiýada bolan çaknyşykda 2 esger şehit boldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, şu gün Yragyň demirgazygynda geçirlen operasiýada çykan çaknyşykda 2 esgeriň şehit bolandygy, 8 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Beýanatda operasiýalarda biri zenan 6 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

Milli Goranmak ministrliginiň beýanatynda “Çaknyşykda ýogalan şehitlerimize Alladan rehnet, şehitlerimiziň hossarlaryna, Türk ýaragly güýçlerine we beýik türk halkyna gynanç bildirýäris we sabyr dileýäris. Ýaralanan gahryman esgerlerimize hem gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar