" S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almakdan ýüz öwürmeris"

Erdogan hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

1164087
" S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almakdan ýüz öwürmeris"

Prezident R. T. Erdogan S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almakdan ýüz öwürmejekdiklerini aýtdy.

Erdogan hususy telewideniýe kanalyna gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmagy meselesinde başdan geçirilýän jedelleşikler hakynda maglumat beren Erdogan, “Esasy mesele Türkiýäniň howpsyzlygy we howpsyzlyk meselesinde asla egilşik etmeris”diýdi.

Siriýanyň demirgazygynda Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň we ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň bardygyny aýdan Erdogan “Ýurdumyz ähli howplardan goramalydyrys” diýdi.

Prezident Erdogan “Geçmişde ABŞ-dan Patriot howa goranyş ulgamlaryny almak isledik, emma bermediler. Biz hem  howa goranyş ulgamlarynyň satyn alynmagy meselesinde Russiýa bilen ylalaşdyk we Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny alýarys” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar