Ýewropa Parlamentiniň kararyna Türkiýe reaksiýa bildirdi.

“Zallarynda terror guramasy PKK-nyň sergileri açylan ÝB haýsy ýüzü bilen demokratiýamyza zarba urmaga synanşýar”

1162934
Ýewropa Parlamentiniň  kararyna Türkiýe reaksiýa bildirdi.

Ýewropa Parlamentiniň skandar kararyna Türkiýe reaksiýa bildirdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik Türkiýe bilen agzalyk gepleşikleriniň saklanmagyny göz öňünde tutýan habarnamanyň Ýewropa Parlamentinde kabul edilmegine berk garşylyk görkezdi.

Ömer Çelik “Ýewropa Parlamenti, Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky agzalyk gepleşikleriniň saklanmagyny göz öňünde tutýan Türkiýe habarnamasyny kabul etdi. Biziň üçin habarnamanyň hiç hili ähmiýeti we güýji ýok” diýdi.

Mesele hakynda Twitter arkaly beýanat beren Çelik “Bu ähmiýetsiz karar, Ýewropa Parlamentiniň aşa sagçy toparyň täsiri astyna girendigini açyk aýdyň görkezýär. ÝP demokratik ösüşlere açyk we goldaýjy kararlary kabul etmekden çetleşdi. Dünýä aşa sagçylaryň dar gözýetiminden garaýar” diýdi.

“Türkiýe habarnamasyny taýarlan adamyň “habarnamaçy Kati Piri” demokratiýany däl eýsem terrory goldaýanlara ýakynlygy bilin tanalýandygyny hemmeler bilýär” diýen Çelik  “Zallarynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň sergileri açylan ÝB haýsy ýüzü bilen demokratiýamyza zarba urmaga synanşýar” diýdi.



Degişli Habarlar