Erdogan Bütindünýä aýal-gyzlar güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident R.T.Erdogan Bütindünýä aýal-gyzlar güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde Zenanlara edilýän basyşyň dünýä zenanlarynyň meselesidigine ünsi çekdi

1158921
Erdogan Bütindünýä aýal-gyzlar güni mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan ýüzlenmesinde: “Zenanlaryň jynsy sebäpli basyşa sezewar bolmagyna elmydama garşy durarys, hukuklaryny gözlemeklerinde bolsa goldaw bereris” diýdi.

Prezident Erdogan ähli ugurlarda zenanlaryň hukuk derejesini haka we adalada esaslanýan düşünjäni ýaýbaňlandyrmak üçin iş alyp barýandyklaryny ýatladyp, 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin goýlan maksatlarda zenanlaryň ähli taraplaýyn öňe gitmegi ugrunda tagalla etjekdiklerini nygtady.

Ýüzlenmesinde: “Duçar bolýan haksyzlyklaryna, adalatsyzlyklaryna, alalamalara garşy elmydama zenanlaryň ýanynda durmak adamyň esasy borjudyr” diýen Prezident: “Çekýän zahmetleri, söýgi doly ýürekleri we pidakärlikleri bilen dünýämizi gözelleşdirýän, durmuşyň eşreti bolan, adamzadyň umydyna öwrülen zenanlarymyzyň Bütindünýä aýal-gyzlar gününi gutlaýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar