Talyp haklary programmasyna ýüz tutan adamlaryň sany 145 müňden geçdi

Türkiýäniň Talyp haklar programmasyna ýüz tutan adamlaryň sany 145 müň 700 adam boldy

1157373
Talyp haklary programmasyna ýüz tutan adamlaryň sany 145 müňden geçdi

Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň (ÝTB) başlygy Abdullah Eren, 2012-nji ýylda 42 müň adam ýüz tutan Türkiýäniň Talyp haklar programmasyna 2019-njy ýylda dünýäniň 167 ýurdundan 145 müň 700 adamyň ýüz tutandygyny we bu sanyň şu wagta çenli bellige alynan bir rekortdygyny habar berdi.

Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasy (ÝTB) tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Daşary Ýurtlardaky Türkler we Garyndaş Halklar Edarasynyň başlygy Abdullah Eren, 2019-njy ýyl üçin ýüz tutmalar tamamlanan Türkiýäniň Talyp haklar programmasyna uly gyzyklanma bildirip, ýüz tutan adamlara minnetdarlyk bildirdi.

Abdullah Eren: “Türkiýäniň Talyp haklar programmasyna bildiren gyzyklanmaňyz bizi guwandyrdy. Biz hem öz gezegimizde her ýyl barha artýan gyzyklanma we talap üçin talyp haklary mümkinçiliklerimizi artdyrmaga we ösdürmäge synanyşýarys” diýdi.

Şol sebäpli ýüz tutmalaryň möhledini uzaldandyklaryny ýatladan Eren, Türkiýäniň Talyp haklar programmasynyň Türkiýedäki ýokary okuwa jaýlarynyň halkara derejesine gelmegine goşant goşjakdygyny belläp, maksatlarynyň 17 müň stipendiýa alýan talyp ýaşlaryň sanyny 2023-nji ýylda 25 müňe ýetirmekdigini habar berdi.

Türkiýäniň Talyp haklar programmasynyň çäginde her ýyl ortaça 5 müň talyba talyp haky berilýär.

Diňe daşary ýurt raýatlarynyň peýdalanyp bilýän bu programma ýüz tutmalar internediň üsti bilen amala aşyrylýar.


Etiketkalar: #Türkiýe , #Abdullah Eren

Degişli Habarlar