Donald Trampyň Siriýa boýunça ýörite wekili şu gün Türkiýä geler

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri şu gün Türkiýä geler

1156100
Donald Trampyň Siriýa boýunça ýörite wekili şu gün Türkiýä geler

Jeýms Jeffriniň duşuşyklary bolsa ertir başlar.

Milli Goranmak ministrliginde we Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirjek Jeýms Jeffriniň, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahin Kalyn bilen hem duşuşmagyna garaşylýar. 

Gepleşikleriň barşynda ABŞ-niň Siriýadan çekilmek meýilnamasy, Türkiýe serhedinde howpsyz zolak, Russiýadan S-400 we ABŞ-den Patriot howa gornyş ulgamlarynyň satyn alynmagy ýaly meseleleriň ara alynyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.


Etiketkalar: #ABŞ , #Siriýa , #wekil , #Türkiýe

Degişli Habarlar