Türkiýe-Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolaga Türkiýe gözegçilik etmeli

Çawuşogly Rus Sputnik gullugyna Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak hakynda beýanat berdi

1152258
Türkiýe-Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolaga Türkiýe gözegçilik etmeli

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýe-Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolaga Türkiýäniň gözegçilik etmelidigini aýtdy.

Şweýsariýada geçirilýän BMG-nyň Adam hukuklary geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Ženewa giden Çawuşogly Rus Sputnik gullugyna Siriýa serhedinde döredilmegi meýilleşdirilýän howpsyz zolak hakynda beýanat berdi.

Çawuşogly “Bu ýeri biziň edil gapdalymyzda ýerleşýär, şol sebäpli hem howpsyz zolaga Türkiýe gözegçilik etmeli. Biz Russiýa bilen işleşdik we işleşmäge dowam ederis” diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon bolsa howpsyz zolagyň döredilmegi üçin halkara güýjüň çäginde Siriýanyň demirgazyk gündogarynda birnäçe ýüze esgeriniň öz işini dowam etdirjekdigini mälim edipdi.

 

 

 



Degişli Habarlar