Ibrahim Kalyn, Zalmaý Halilzad bilen duşuşyk geçirdi

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň Owganystandaky ylalaşykdan jogapkär ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen duşuşyk geçirdi

1149987
Ibrahim Kalyn, Zalmaý Halilzad bilen duşuşyk geçirdi

Prezidentiň kompleksindäki duşuşykda, Owganystandaky soňky ýagdaý, dowam edýän gepleşikler etaby, Owganystanyň jebisligi we syýasy durnuklylygy maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkiýäniň Owganystanyň milli parahatçylyk etabynda öz üstüne alan roly we ýurtda durnuklylygyň ýaňadandan üpjün edilmegine goşýan goşandy orta atyldy.

Beýleki tarapdan duşuşykda, Türkiýe bilen Owganystanyň arasyndaky çuň taryhy we medeni gatnaşyklaryň, iki ýurdyň halklarynyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň Owganystanda hemişelik parahatçylyk we ynam şertleriniň ýola goýulmagy taýdan möhümdigi bellenip geçildi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Türkiýe , #ABŞ , #wekil

Degişli Habarlar