Türkiýe serhetlerini terrorçylardan saplar

Çawuşogly Soçide geçirlen Siriýa temaly maslahat hakynda maglumat berdi

1146273
Türkiýe serhetlerini terrorçylardan saplar

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň serhetlerini terrorçylardan saplajakdygyny aýtdy.

Çawuşogly Antalýanyň Kumluja etrabynda eden çykyşynda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirlen Siriýa temaly maslahat hakynda durup geçdi.

Türkiýäniň Soçide Siriýada hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşygyň dowam etdirilmegi üçin, syýasy çözgüt üçin, konstitutsiýa komitetiniň döredilmegi üçin, serhetleriň terrorçylardan saplanmagy üçin garaýyşlaryny beýan edendigini aýdan Çawuşogly “Şu günki güne çenli Afrinde Ýefrat Galkanynda terrorçylary nähili saplan bolsak mundan soň hem serhetlerimizi ähli terror guramalaryndan saplarys” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar