Erdogan Ankara şäher hassahanasynyň birnäçe günüň dowamynda açyljakdygyny habar berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň iň ulusy boljak Ankara şäher hassahanasynyň birnäçe günüň dowamynda açyljakdygyny habar berdi

1143070
Erdogan Ankara şäher hassahanasynyň birnäçe günüň dowamynda açyljakdygyny habar berdi

Erdogan paýtagt Ankarada Sinjan Läle meýdançasynda geçirilen köpçülikleýin açylyş dabarasynda eden çykyşynda, ägirt uly ekran bilen şäher hassahanasy bilen bagly wideony görkezdi. 

Erdogan: "Bu hassahanalar dünýäde hiç ýerde ýok, bu diňe Türkiýede bar. Türk milletine näme gelişýän bolsa şony hem edýäris. Häzirki wagtda Ankaradaky şäher hassahanasy, Türkiýäniň iň ulusy bolar. Ähli zady diýen ýaly gurulyp gutardy we birnäçe günüň dowamynda açylar" diýdi.  

Etlikde ýerleşýän beýleki şäher hassahanasyny hem açjakdyklaryny aýdan Erdogan, şeýlelik bilen Ankaranyň Bilkent we Etlik bolmak bilen ägirt uly 2 sany şäher hassahanasyna gowuşjakdygyny beýan etdi. 

 


Etiketkalar: #Erdogan , #hassahana , #Bilkent , #Etlik

Degişli Habarlar