Mewlüt Çawuşogly Rumyniýada türk işewür adamlar bilen duşuşdy

Çawuşogly, duşuşyk bilen bagly sosial media hasabyndan beýanat berdı

1136719
Mewlüt Çawuşogly Rumyniýada türk işewür adamlar bilen duşuşdy

 

Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň resmi däl maslahatyna gatnaşmak üçin Rumyniýa giden Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ýurdyň paýtagty Buharestde türk işewür adamlary bilen duşuşyk geçirdi.

Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Buharestdäki ilçihanasynda türk işewür adamlary bilen geçiren duşuşygynda, iki ýurdyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň üstünde durup geçip, ikitaraplaýyn söwdanyň we maýalaryň has hem artdyrylmagynyň möhümdigini belläp geçdi.

Çawuşogly, duşuşyk bilen bagly sosial media hasabyndan beren beýanatynda: “Rumyniýa 15 müňden gowrak türk kärhanasynyň iş alyp barýan, sebitdäki iň uly bazarymyz. Türk kärhanalarynyň wekilleri bilen söwda kuwwatlarymyzy has hem artdyrylmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar