Prezident Erdogan terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini aýtdy

Erdogan “Ýurdumyza göz dikenleriniň gözüni çykararys” diýdi

1129445
Prezident Erdogan terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini aýtdy

 

Prezident R. T. Erdogan Zeýtun şahajygy operasiýasynyň 1-nji ýylynda terrora garşy egilşiksiz göreşiň dowam etjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan Samsun şäherinden soň şu gün Ordu şäherine iş saparyny guraldy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan Orduda partiýasynyň ýerli saýlawlar üçin dalaşgärleriniň tanyşdyrylyş dabarasynda eden çykyşynda “Afrinde terrorçylary tunnelere gömdük. Jarablusda, Al Babda, Judide, Gabarda we Tendürekde olary gömdük we şu günki günlere geldik” diýdi.

R. T. Erdogan “Ýurdumyza göz dikenleriniň gözüni çykararys” diýdi.



Degişli Habarlar