Ýemeniň Prezidenti Türkiýäniň Ýemendäki ilçisi Lewent Eleri kabul etdi

Ýemeniň Prezidenti Abdurabbu Mansur Hadi ýurdy bilen Türkiýäniň arasynda çuň gatnaşyklaryň bardygyny aýtdy

1120264
Ýemeniň Prezidenti Türkiýäniň Ýemendäki ilçisi Lewent Eleri kabul etdi

Ýemeniň “SABA” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Abdurabbu Mansur Hadi Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda iş möhleti gutaran Türkiýäniň Ýemendäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lewent Eleri kabul etdi.

Ilçi Eleriň iş möhletiniň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallasyny kanagatlanma bildiren Hadi, Türkiýe bilen Ýemeniň arasynda çuň gatnaşyklaryň bardygyny nygtady.

Ilçi Eler bolsa iş möhletiniň dowamynda özüne döredilen ýeňillik we hyzmatdaşlyk üçin sagbolsun aýdyp, Türkiýäniň Ýemeni we legal dolanşygy goldamaga dowam edýändigini nygtady.

Eler 2016-njy ýylda Ýemene ilçi wezipesine bellenipdi.



Degişli Habarlar