PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 esger şehit boldy

Hüjümden soň terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy

1119489
PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 esger şehit boldy

Ygdyrda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Ygdyr şäheriniň Eminje obasynyň golaýynda Eýran serhedinde howpsyzlygy üpjün edýän esgerlere garşy, serhetden geçen 8-10 adamlyk terrorçy topary tarapyndan raketalar bilen hüjüm guraldy.

Hüjümde 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Hüjümden soň terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Bejergi astyna alynan ýaralananlaryň esgerleriň saglyk ýagdaýy gowy.


Etiketkalar: #şehit boldy , #esger , #saglyk

Degişli Habarlar