Erdogan Pakistanyň FETÖ-ni terror guramasy hökmünde yglan etmeginiň üstünde durup geçdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Pakistanyň Fetullahçy terror guramasyny terror guramasy hökmünde yglan etmeginden soň Azerbaýjandan hem şoňa meňzeş bir kararyň çykjakdygyny habar berdi

Erdogan Pakistanyň FETÖ-ni terror guramasy hökmünde yglan etmeginiň üstünde durup geçdi

Erdogan Stambulda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Pakistanyň FETÖ kararynyň üstünde durup geçen Erdogan: "FETÖ-niň bir terror guramasydygyny olar hem ykrar etdiler. Mundan soňky etap, ol ýerlerde ýapylan ýerleriň gaznamyza berilmegidir. Indi bolsa şol başlaýar" diýip belledi. 

Azerbaýjanda FETÖ babatynda käbir oňyn wakalaryň bardygyny aýdan Erdogan: "Olaryň hem bu wakalar bilen bagly buşluklaryny şu gün agşam, ertir size ýetirip bileris" diýip nygtady. 

Pakistanyň Ýokary kazyýeti FETÖ-ni terror guramasy hökmünde ykrar etdi, mundan başgada ýurtdaky FETÖ degişli ähli mekdepleriň Türkiýäniň Magaryf gaznasyna berilmegi barada karar çykardy. 

 


Etiketkalar: FETÖ , Stambul , Erdogan

Degişli Habarlar