Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Howa hüjüminde terrorçylara degişli gowaklar we gaçybatalgalar nyşana alyndy we hatardan çykaryldy

1112544
Yragyň demirgazygynda  PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk we Zap etrapçalaryna Türk ýaragly güýçleri tarapyndan düýn guralan howa hüjümlerinde harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän ekstremist terror guramasy PKK-a agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, düýn Yragyň demirgazynda ýerleşýän Hakurk we Zap etrapçalaryna howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde terrorçylara degişli gowaklar we gaçybatalgalar nyşana alyndy we hatardan çykaryldy.

Harby merkezlere hüjüm guramak üçin taýarlyk görýän 6 terrorçy hem täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar