Türkiýäniň Daşary işler ministri Liwiýa bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Liwiýalylaryň öňbaşçylyk etjek bir syýasy etaby goldaýandyklaryny habar berdi

1112008
Türkiýäniň Daşary işler ministri Liwiýa bilen bagly beýanat berdi

 

Çawuşogly, paýtagt Tripola guran resmi saparynyň çäginde, Liwiýanyň Milli ylalaşyk hökümetiniň Daşary işler ministri Muhammed Tahir Siýala bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Çawuşogly, Liwiýadaky syýasy etap üçin BMG, BMG-niň Liwiýa boýunça ýörite wekili Gassan Selame we Liwiýanyň halkynyň we hökümetiniň alyp barýan tagallalaryna doly ýagdaýda goldaw berýändiklerini beýan edip: “Liwiýalylaryň eýe çykjak, öňbaşçylyk etjek bir syýasy etaby goldaýarys” diýdi.

Çawuşogly Liwiýanyň terrora garşy göreşini tutanýerlilik bilen dowam etdirýändigini belläp, soňky wagtlarda görülen çäreleri makullaýandyklaryny we goldaýandyklaryny habar berdi.

Liwiýanyň ykdysadyýetiniň asudalyga gowuşmagy üçin görülen çäreleri we reformalary ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Çawuşogly, ýurdyň öňümizdäki ýyllarda güýçli bir ýurt bolup bilmegi üçin ykdysady taýdan taýýarlyk görmeginiň hökmandygyny nygtady.

Çawuşogly geçmişde Liwiýanyň galkynmagy üçin türk firmalary nähili derejede goşant goşan bolsa, öňümizdäki etapda hem firmalaryň Liwiýa gaýdyp gelip, has hem köp goşant goşmaga taýardygyny beýan etdi.

Çawuşogly mundan soňky etapda Liwýanyň syýasy durnuklylyga ýetmegi üçin Türkiýe hökmünde has köp tagalla etjekdiklerine ünsleri çekdi.



Degişli Habarlar